7-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, indi uzak ýyllardan bäri, Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Galyberse-de, biz eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig malymyzy ýitirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýere alymlary ýygnap, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmagy tabşyrdy. Tebigy gazy peýdalanjak ýerimizi bolsa özümiz taparys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.