7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýene-de bir uly maksatnamanyň üstünde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda biz mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk bolsa biziň gazanan beýik üstünliklerimiziň binýadydyr. Geçen otuz ýylyň içinde ýurdumyzda örän köp işler bitirildi, taryhy taýdan şu gysga döwürde biz ägirt uly üstünlikleri gazandyk.

Umuman, biz Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirdik. Syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde mähriban halkymyz öz bellän maksatlaryny ynamly amala aşyrdy diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy we şeýlelikde, durnukly syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşi gazanmagyň başardandygyny belledi.

Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna seretmeli we ony tassyklamaly. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemläp, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemeli diýip hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek bilen bagly ähli işleri umumy utgaşdyrmagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Hökümetiň ähli agzalaryna Halk Maslahatynyň bu mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.