7-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda serhetýaka söwdany ýola goýmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen serhetýaka Söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlar baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi garamagyndaky düzümler bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barýar.

Şol sanda serhetýaka söwda zolagynyň, ugurdaş desgalaryň meýdanyny we ýerleşjek ýeriniň çäklerini kesgitlemek, olary ýerleşdirmegiň çyzgylaryny işläp taýýarlamak, halkara hem-de sebit lomaý söwdasy, harytlaryň geçişi, gözegçiligi baradaky düzgünler hakyndaky Tertibiň taslamalaryny milli kanunçylygymyza laýyklykda işläp düzmek hem-de beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu gün Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan köptaraply gatnaşyklarynyň täze üstünliklere beslenendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan bilen hyzmatdaşlyga onuň geljegi we häzirki mümkinçiliklerdir iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar nazara alnyp, möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, iki döwletiň arasynda serhetýaka söwdasyny ýola goýmak baradaky teklibi makullady hem-de wise-premýere bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.