Bir hepdeden gowrak wagt bäri sport älemini serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiçiň Awstraliýadaky başdangeçirmeleri başagaý edýär. Covid-19 sanjymyndan boşydylandygy baradaky resminama bilen möwsümiň birinji Uly tuwulga ýaryşy Awstraliýa Açyk bäsleşigine gatnaşmakçydy. Ýöne Melburnda wizasy ýatyrylyp, bosgunlary ýaşaýan ýerine ugradylan wakanyň netijesi serbiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Taraplar bu barada biri-birini aýyplasalaram, netijede federal kazyýet Awstraliýa hökümetiniň Jokowiçiň wizasynyň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly kararyny ýatyrdy. Şeýlelikde, Awstraliýa Açygy iň köp gazanan we 3 ýyldan bäri-de kubogy eýeläp gelýän Nowak Jokowiç çempionlygyny gorap biler.

Mälim bolşy ýaly, sanjyma garşydygyny ozaldan mälim eden Jokowiç Awstraliýa Açyga ýurduň sanjymsyz kabul etmeýändigine garamazdan, lukmançylyk resminamalary esasynda ýaryşa gatnaşjakdygyny habar beripdi. Melburn şäherine baranyndan soň onuň resminamalary kabul edilmän, ýyldyz tennisçiniň wizasy ýatyrylyp, ol bosgunlaryň galýan ýerine ugradylypdy. Awstraliýa Açykda 9, umumylykda-da 20 Uly tuwulgasy bolan Jokowiç bolsa bu barada kazyýete ýüz tutupdy.