Bir aýa golaý wagtdan bäri sport älemi Nowak Jokowiçiň Awstraliýadaky tennisden daşgary başdan geçirmesi bilen ýaşaýar. Ilki wizasy ýatyrylyp, bosgunlaryň arasyna ugradylan Awstraliýa Açygyň 9 gezek çempiony Nowak Jokowiç bu mesele sebäpli kazyýete ýüz tutdy. Kazyýet hem Jokowiçiň ýalňyşynyň ýokdugyny ykrar etdi. Bu wakalardan soň ýurduň Migrasiýa ministrligi tennisçiniň wizasyny ýatyrdy. Şeýlelikde, kazyýetiň kararyndan soň türgenleşige hem başlan Nowak Jokowiçiň 2022-nji ýyl üçin Awstraliýadaky başdan geçirmesi eger-de başga üýtgeşiklik bolmasa, tamamlanan ýaly.  Migrasiýa ministrligi serbiýaly tennisçiniň sanjymsyz bolany sebäpli köpçüligiň saglygy üçin howpludygyny nazarda tutup, onuň wizasynyň ýatyrylandygy mälim edildi.

Şeýlelikde, Awstraliýa Açykda soňky 3 ýyldan bäri çempionlyk gazanýan Jokowiç 20 Uly tuwulganyň eýesi bolmak bilen bu ugurda rekordy Rojer Federer hem-de Rafael Nadal bilen paýlaşýar. Jokowiç Awstraliýa Açykda 9 gezek ýeňiş gazanyp, ol bu ýerde iň köp çempion bolan tennisçidir.