2020-nji ýylda “YouTube”-da iň köp tomaşa edilen wideo bolan “Baby Shark” atly çagalar aýdymy bu ýyl täze rekord goýdy. Bu wideo häzire çenli 10 milliardan köp tomaşa edilipdir. Günorta Koreýanyň “Pinkfong” kompaniýasy çagalar üçin öwrediji we gyzykly wideolary taýýarlaýan kanala öwrüldi. Şolaryň biri hem 2016-njy ýylda ýaýradylan “Baby Shark” atly aýdymdyr. 55 milliona golaý abunaçysy bolan “Pinkfong”-da ýaýlyma berilýän bu aýdym geçen 7 milliarddan gowrak tomaşa edilen “Despacito”-dan ozdurypdy.
2012-nji ýylda “Gangnam Style” aýdymy 2 million laýk alyp rekord goýupdy. Häzirki wagtda “Baby Shark”-yň 32 million laýk aldy.