Toty balyklarynyň togsana golaý görnüşi bolýar. Bu toparyň iň uly görnüşi Hindi we Ýuwaş ummanynda ýaşaýar. Olar merjen riflerinde, kenara golaý ýerlerde we suwotularyň bar ýerinde duş gelýärler. Bu balygyň uly görnüşleriniň uzynlygy 30–50 santimetr, kiçileriniňki bolsa 13 santimetre barabardyr. Onuň ady tumşugynyň şekili bilen baglydyr. Balygyň agzynda iki sany totyňky ýaly çüňk bolup, bu suwotyny iýmäge kömek edýär. Bu jandaryň esasy aýratynlygy merjen riflerini arassalamakdan ybaratdyr. Adatça açyk reňkli bolýan bu jandarlar merjen riflerine zeper ýetirýän otlary, ownuk daşlary iýýärler. Şeýlelikde, deňiz ekoulgamy üçin ähmiýetli bolan merjenleriň kadaly ösmegine ýardam edýärler. Şeýle-de bolsa, olaryň käbir görnüşi mollýusklar we ýyrtyjy jandarlar bilen iýmitlenýärler. Bu balyklaryň ýene bir täsin tarapy uklamazdan ozal daşyny pile bilen örtmegidir. Balygyň agzyndan çykýan bu örtük tutuş bedenini gurşap alýar. Şeýlelikde, ýyrtyjy jandarlar bu balygyň ysyny alyp bilmeýärler. Şeýle hem bu örtük dürli mugthorlardan hem goraýar.
Toty balyklarynyň reňki her ýyl üýtgeýär. Ilkibaşda gyzyl, goňur ýa-da çal reňkde bolýar, ulaldygyça açyk gülgüne, mämişi, sary, açyk ýaşyl ýa-da gök bolýarlar. Olar ýumurtgalar arkaly köpelýärler. Toty balyklary häzirki wagtda seýrek duş gelýän jandar bolup, olary goramak we köpeltmek babatda birnäçe işler alnyp barylýar. Munuň üçin suwotular köpeldilýär. Şeýle hem ony awlamak çäklendirilendir.