18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagynyň öňüsyrasynda ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele taýçanagyň doglandygy baradaky buşluk habaryny eşidip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar bilen geçýän täze, 2022-nji ýylyň ilkinji günleriniň şatlykly wakasy boldy.
Milli Liderimiz halkymyzda geçmişde hem täze taýçanak dünýä inse, bu habaryň, edil çaga dünýä inen ýaly çar töwerege buşlanýandygyny we oňa mynasyp at dakylýandygyny belläp, taýçanaga Zaman diýip at goýdy hem-de «Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen geljege dowamat-dowam bolsun!» diýdi. Paýhasly pederlerimiz «At – myrat» diýipdirler. Hormatly Prezidentimiz gadymdan gelýän milli däplerimize eýerip, Ogulabat ejäniň ören alajasyny ýagşy arzuwlar bilen taýçanagyň boýnuna dakdy.
Şunuň bilen baglylykda, şol gün hormatly Prezidentimiziň atçylyk toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, atlaryň saklanyş şertlerini hem-de tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmäge hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga niýetläp, «Türkmen atlary» döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek barada Karara gol çekendigini bellemek gerek.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewleriň dünýäde at-abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna şu pul serişdelerini Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerinden ýörite hasaba geçirmek tabşyryldy.
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň mejlisler jaýynda geçirilen «Halkyň Arkadagly zamanasynda bedew sarpasy» atly dabaraly maslahat hem bu möhüm wakalara bagyşlandy. Maslahatda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň atşynaslygynyň täze belent derejelere ýetendigi bellenildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyna bu pudagyň ähli işgärleriniň hoşallyk sözleri beýan edildi.
Dabaraly maslahatda çykyş eden tanymal atşynaslar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda doglan taýçanaga milli Liderimiziň Zaman adyny dakmagynyň diňe bir şu ýylyň şygarynyň ruhlandyryjy güýjüni artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eziz Diýarymyzyň täze eýýamyň belent maksatlaryna ýetmeginde okgunlylygyň hem nyşany boljakdygyny bellediler.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, onda türkmen halkynyň baý mirasyny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga berýän yzygiderli goldawy, ýurdumyzyň atşynaslary barada edýän hemişelik aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Maslahatyň çäklerinde sungat ussatlary çykyş etdiler hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň muzeýine gezelenç guraldy.