Türk­men ser­ker­de­le­ri şan­ly ta­ry­hy­my­zyň do­wa­myn­da mert­li­gi, ba­tyr­ly­gy, aja­ýyp adam­kär­çi­lik sy­pat­la­ry bi­len ta­pa­wut­la­nyp ge­lip­dir­ler. Çün­ki, olar ylym-bi­lim­den ýü­ki ýe­tik, sö­weş til­sim­le­ri­ni oňat bil­ýän, sa­hy-jo­mart, ha­lal, ada­lat­ly, yn­san­per­wer, her bir adam bi­len gür­leş­me­giň me­de­ni­ýe­ti­ni bil­ýän şah­sy­ýet bo­lup­dyr­lar.
Oguz han döw­rün­den baş­lap gel­jek­ki ser­ker­de­ler boljak og­lan­lar ata­beg­ler ta­ra­pyn­dan oka­dy­lyp, ter­bi­ýe­le­nip ýe­tiş­di­ri­lip­dir. Ata­beg­ler ola­ra dün­ýä dil­le­ri­ni, aý­ra­tyn hem sö­weş we ser­ker­de­lik til­sim­le­ri­ni öw­re­dip­dir­ler. Türk­men ser­ker­de­le­ri­niň ýe­ňiş ga­zan­mak­la­ry­na ata­beg­le­riň öw­re­den til­sim­le­ri kö­mek edip­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär» at­ly ese­rin­de türk­men ser­dar­la­ry­nyň bi­ri, ýi­ti pä­him-paý­has­ly, eder­men Keý­mir ser­dar ba­ra­da şeý­le­räk bir ro­wa­ýat bar.

«Keý­mir ser­dar, bir gün tam­dyr­to­wy ge­tir­mä­ge daş çy­kyp­myş we­lin, bir nä­ta­nyş ge­lip, on­dan Keý­mir ser­da­ryň öýü­ni so­rap­dyr. Pä­him­li ser­dar oý­la­nyp otur­man, oňa öz öýü­ni sal­gy be­rip­dir. Bir­sa­lym­dan ony ta­nan nä­ta­nyş ýa­ny­na ge­lip:
– Nä­me üçin sen özüň kim­di­gi­ňi ma­ňa aýt­ma­dyň? – di­ýip, geň gal­mak bi­len so­wal be­ren­de bol­sa:
– Sen men­den öýü­mi so­ra­dyň, me­nem sa­ňa sal­gy ber­dim. Bu ýer­de geň­lär ýa­ly zat ýok – di­ýip­dir. Soň­ra myh­man:
– Bir akyl­ly ser­dar, han di­ýip mer­te­be­läp ýör­dük we­lin, bu-ýa öýün­de tam­dyr­to­wy da­şap ýö­ren bi­ri eke­ni – di­ýip, ýaň­sy­ly gep­läp­dir.
– Men ili­miň ser­da­ry bol­sa­mam, öz öýü­miň hyz­mat­çy­sy­dy­ryn. Öz maş­ga­la­sy­nyň ala­da­sy­ny et­me­ýän­den ili­ne ser­dar bol­maz – di­ýip­dir».
Ine, şu pä­him­li jüm­le­le­ri oka­nyň­da, guý­ma­gur­sak wa­tan­çy bo­lan hal­ky­my­zyň maş­ga­la oja­gy­na-da we­pa-yg­rar­ly­dy­gy­na, ony eziz gör­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­siň. Pe­der­le­ri­mi­ze mah­sus şeý­le nus­ga­wy hä­si­ýet­ler bi­ze ýol-ýö­rel­ge bol­ma­ly­dyr.
Biz türk­me­niň tä­ze ta­ry­hy­nyň dö­rän, Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne my­na­syp ýe­ňiş­le­riň ga­za­nyl­ýan döw­rün­de ýa­şa­ýa­rys. Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň her bi­ri­niň köň­lün­de mert pe­der­le­riň ru­hy bar. Mil­li go­şu­ny­my­zyň har­by gul­luk­çy­la­ry mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şöh­rat­ly sö­weş­jeň däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­ýär­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­nü­ni dö­ret­mek we ony her ýy­lyň 27-nji ýan­wa­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly bel­le­mek ha­kyn­da gol çe­ken Per­ma­ny­na örän ho­şal bo­lan Wa­tan go­rag­çy­la­ry öz­le­ri­niň asyl­ly gul­luk­la­ry bi­len Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň, ag­zy­bir hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň go­ra­gyn­da gi­je-gün­diz berk dur­ýar­lar. Mil­li go­şu­ny­my­zyň ha­ta­ryn­da gul­luk ed­ýän Wa­tan go­rag­çy­la­ry­ny Ber­ka­rar döw­le­timiziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ru­hu­be­lent edip ter­bi­ýe­le­mek, ola­ryň göz­ýe­ti­mi­ni gi­ňelt­mek, aň-dü­şün­je­si­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­miz­de bir­nä­çe öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Şol har­by öz­gert­me­ler ne­ti­je­sin­de ýur­duň Mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň har­by kuw­wa­ty, go­ra­nyş uky­by art­dy, har­by gul­luk­çy­la­ryň sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy ýo­kar­lan­dy.
Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň Wa­tan go­rag­çy­la­ry­myz ha­kyn­da­ky ala­da­sy we har­by us­sat­ly­gy ele al­mak­da gör­kez­ýän şah­sy gö­rel­de­si ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly­dy­gy­ny, eziz Wa­ta­ny­my­zy çäk­siz söý­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li go­şu­ny­my­zyň har­by bö­lüm­le­ri­ne ba­ryp, es­ger­ler bi­len du­şu­şyp, ola­ryň hal-ýag­da­ýy, har­by dur­mu­şy bi­len yzy­gi­der­li gy­zyk­la­nyp dur­ýar. Se­bä­bi es­ger ýi­git­ler Wa­ta­ny­my­zyň di­re­gi, po­lat gal­ka­ny.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysynyň wa­tan­çy­lyk tag­ly­ma­ty­nyň esa­syn­da ka­bul edi­len Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Har­by dokt­ri­na­sy­nyň öze­ni mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy, ýur­du­my­zyň bi­te­wü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak­dan, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­sin­den ge­lip çyk­ýan hu­kuk­la­ry­ny we borç­la­ry­ny ber­jaý et­mek­den, äh­li döw­let­ler bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly hem-de dost­luk­ly ýa­şa­mak sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mö­hüm res­mi­na­ma – «2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edi­lip­di. Bu bol­sa Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ýo­ka­ry hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň hem-de ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li, pa­ra­hat­çy­lyk­ly gat­na­şyk­la­ry­nyň dün­ýä ýü­zün­de tä­ze ma­na, öwüş­gi­ne eýe bo­lan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär.
Biz mu­gal­lym­lar «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Wa­tan­çy­lyk tag­ly­ma­tyn­dan ugur alyp, okad­ýan har­by ta­lyp­la­ry­my­zy Wa­ta­na we­pa­ly, ylym­ly-bi­lim­li ýaş­lar edip ýe­tiş­di­re­ris. Goý, ata Wa­ta­ny­my­zy, il-gü­nü­ni jan­dan söý­ýän, gö­bek ga­ny da­man dog­duk me­ka­ny­na howp aban­sa ga­ýa dek du­rup bil­ýän ger­çek ýi­git­le­ri­miz he­mi­şe hal­kyň gu­wan­jy, Wa­ta­nyň da­ýan­jy bo­lup, mu­kad­des bor­ja we­pa­ly­ly­gyň nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­na ab­raý goş­sun!

Hy­dyr­gu­ly Wo­ha­now,
Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Har­by ins­ti­tu­ty­nyň Jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my.