21-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlar kesgitlenip, logistikany ösdürmek üçin şertler döredilýär.
Häzirki wagtda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgelerine Gazagystan, Katar we Hindistan ýaly ýurtlaryň goşulmagy bilen, bu ugurlary işjeňleşdirmek babatda synag ýüküni ugratmak, ýükleriň geçmeginde bökdençlikleriň döremezligini üpjün etmekde bar bolan meseleleri çözmek boýunça milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtoulag we otly ýük kerwenlerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi boýunça hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesi arkaly Ýewropa çykmak bilen, konteýner ýük daşalyşyny artdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Logistika wekilleriniň işini ýola goýmaga, daşarky bazarlary öwrenmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini mahabatlandyrmaga hem-de iri ulag kompaniýalaryny çekmäge aýratyn üns berilýär.
Pakistan, Owganystan, Hindistan ýaly ýurtlar Russiýa, Gazagystana hem-de Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamaga, şonuň ýaly-da, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça konteýner ýük daşalyşyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ulag kompaniýalarynyň arasyndaky gepleşikleriň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşamakdaky mümkinçiliklerini peýdalanmak meýilleşdirilýär.
Agentligiň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, ýurdumyzyň söwda flotunyň ulag serişdelerini daşamak we ýolagçy gatnatmak üçin döwrebap gämiler, şol sanda “RO-PAX” görnüşli ýük daşaýjy gämiler bilen üstüniň ýetirilýändigini aýtdy. Şol gämiler Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda dolanyşygynyň akymyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Iki sany “Ro-Ro” hem-de bir gury ýük daşaýjy gämi gurlar
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dürli kysymly gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Şol gämileriň hatarynda demir ýol wagonlaryny daşamak üçin iki sany “Ro-Ro” hem-de bir gury ýük daşaýjy gämi bar.
Dünýä tejribesinde “Ro-Ro” görnüşli gämileriň, esasan, açyk, ýarym açyk we ýapyk palubaly görnüşleriniň ulanylýandygy barada habar berildi. Ýükleme-düşürme işlerini ýeňilleşdirýändigi hem-de howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigi nazara alnyp, bu gämileri açyk palubaly görnüşde gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa howply ýükleriň käbir görnüşlerini gäminiň diňe açyk palubasynda daşamak barada Halkara Deňiz Guramasynyň talaplaryna kybap gelýär. Şol bir wagtda gäminiň aşaky böleginde azyk, gurluşyk, oba hojalyk we beýleki önümler ýüklenen ýükli wagonlary daşamak bolar. Gury ýük daşaýjy gämileriň häsiýetnamalary barada aýdylyp, gäminiň ýük göterijiliginiň 5 müň 100 tonna barabardygy habar berildi.
Şunuň bilen baglylykda, gämileriň şekil taslamalary hem-de olaryň häsiýetnamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýük daşalyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň bolmagynyň ägirt uly ähmiýetini göz öňünde tutup, ýükleriň ugradylýan hem-de kabul edilýän ýerlerini — deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini we awtomenzilleri mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Türkmenistanyň ulag ulgamynda möhüm halka bolup durýandygy nygtaldy.
Milli Liderimiz “Ro-Ro” görnüşli demir ýol wagonlaryny daşaýjy ýük gämileriniň meýilleşdirilen gurluşygyna ünsi çekip, munuň uzak aralyga daşamak üçin ulaglaryň örän uly isleg bildirilýän görnüşidigini belledi. Bu bolsa üstaşyr daşamalara-da uly mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämi gurluşygyny ösdürmek üçin binýat bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda degişli işgärleri, operatorlary, işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda mundan beýläk-de ähli tagallalary etmek barada görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalary makullap hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna tabşyryklary berip, gämileriň görnüşlerini gurmagy özleşdirmek bilen, milli deňiz flotuny giňeltmegiň zerurdygyny, munuň bolsa suw ulaglary ulgamynda ýük dolanyşygynyň artmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.