Eýranyň häzirki zaman medeniýetiniň we edebiýatynyň taryhynda döwrebap sözlükçilik (leksikografiýa) ylmynyň düýbüni tutujy, görnükli dilçi alym, professor Mohammad Moin pars diliniň we Eýranyň baý medeni mirasynyň saklanyp galmagyna, şeýle hem olaryň ylmy esasda öwrenilmegine ägirt uly goşant goşýar. Ol Tähran uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty boýunça ilkinji uçurymlarynyň biri bolmak bilen, ýurduň taryhynda ilkinji filologiýa ylymlarynyň doktory diýen ada eýe bolan şahsyýetdir.
1918-nji ýylyň 1-nji maýynda Reşt şäherinde doglan Mohammad Moin çagalyk döwründe ýetim galyp, atasy Şeýh Mohammad Tagi Moinol-Olemanyň terbiýesi astynda ulalýar. Zehinli ýaş ýigit gysga wagtyň içinde arap, fransuz, iňlis we nemes dillerini kämil derejede öwrenýär. Pars diliniň taryhy ösüşini hem-de yslamdan öňki gadymy eýran dillerini çuňňur öwrenen alym awesta, gadymy pars hem-de pehlewi dillerini hem ýokary derejede özleşdirmegi başarýar.
Professor Moin gadymy gündogarşynaslyk tejribesini we günbataryň dil bilimi usullaryny utgaşdyryp, dil baradaky ylymlaryň täze ugruny açýar. Ol diňe bir ýurt içinde däl, eýsem, halkara derejesinde hem ylmy jemgyýetçilik tarapyndan giňden ykrar edilýär. Alym meşhur fransuz filosofy we eýranşynasy Anri Korben bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap, irki filosofik hem-de mistik (tasawwuf) golýazmalary ylmy dolanyşyga girizýär we birnäçe gymmatly edebi eserleri bilelikde neşir edýär. Şeýle-de ol Sorbonna, Garward, Prinston we Lahor ýaly dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinde ylmy leksiýalar bilen çykyş etdi.
Alymyň fundamental ylmy barlaglary parslaryň baý medeni mirasyny gorap saklamakda taryhy wezipäni berjaý edýär. Onuň iň esasy ylmy işi bolan köp jiltli «Moiniň sözlügi» halkara fonetiki transkripsiýasyny we pars sözleriniň gadymy dillerdäki köklerini ilkinji gezek ylmy esasda şöhlelendiren, häzirki döwürde hem gymmatyny ýitirmän gelýän iň ygtybarly çeşmeleriň biridir. Mundan başga-da, alym meşhur «Dehhoda» sözlüginiň taýýarlanmagyna ýakyndan gatnaşýar. Dil bilimi bilen bir wagtda, alym Eýranyň döwrebap poeziýasynyň düýbüni tutujy Nima Ýuşijiň wesýeti boýunça, onuň heniz çap edilmedik eserlerini tertipleşdirip, neşire taýýarlamagy başarýar.
Professional ylmy medeniýetiň we akademik ygrarlylygyň nusgasy hökmünde häsiýetlendirilýän alym 1966-njy ýylda Tähran uniwersitetinde işläp otyrka insult geçirýär we bäş ýyla golaý dowam eden koma ýagdaýyndan soň, 1971-nji ýylyň 4-nji iýulynda aradan çykýar. Alymyň wepat bolmagy şol döwrüň medeni durmuşynda çuňňur oýlanmalara sebäp bolýar; döwürdeş ýazyjylar we dostlary jemgyýetde hakyky ylym hem-de medeniýet işgärlerine bolan ünsüň we sarpanyň has-da artdyrylmalydygyny aýratyn belleýärler. Bu günki günde professor Mohammad Moiniň galdyran baý ylmy mirasy, sözlükleri we ylmy barlaglary geljekki nesiller üçin milli gymmatlyklary düýpli öwrenmegiň aýdyň mekdebi bolup, pars dili ugrunda işleýän talyplar hem-de halkara ylmy barlagçylar üçin esasy gollanma hökmünde hyzmat edýär.
PDF









