Tamamlanyp barýan 23-nji Dünýä Kubogynda 3-nji ýarym finalçy hem belli boldy. Maýami Gardensdäki Hard Rock Stadium-da oýnalan Norwegiýa bilen Angliýanyň arasyndaky oýun çekeleşikli geçdi. Duşuşygyň 36-njy minutynda Andreas Şeldrup owadan gol bilen hasaby açyp, norwegleri öňe saýlady. Iňlisler bu gola 11 minut soň jogap berdi. 45+2-nji minutda Jud Bellingam hasaby deňledi. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda hasap üýtgemedi.

Goşmaça berlen 30 minutyň başlarynda, ýagny 93-nji minutda ýene-de Jud Bellingam tapawutlanyp, Angliýanyň öňe çykardy. Galan minutlarda-da skandinawlara hasaby deňlemek başartmady.

2-1 hasabynda üstün çykan Angliýanyň ýygyndysy 1950-nji, 1990-njy we 2018-nji ýyllardan soň, 4-nji gezek ýarym finalda oýnama hukuk gazandy.