Ispaniýanyň energiýa, senagat we transport pudaklaryndan 33 guramanyň gatnaşmagynda ýaşyl wodorody öndürmek boýunça ilkinji konsorsiumy işe başlady. «Shyne» atly konsorsium 3,2 million ýewro maýa goýum bilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär we 13 müň iş ýerini döretmegi maksat edinýär. Munuň esasy maksady bäsdeşlige ukyply tehnologiýalary ösdürmekden we Ispaniýanyň senagatyny dekarbonlaşdyrmakdan ybarat. Konsorsiuma Ispaniýanyň «Enagas», «Naturgy», «Repsol» ýaly energiýa kompaniýalary, şeýle hem «Talgo», «Alsa», «Scania» ýaly uly transport kompaniýalary girýär.