Weng­ri­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Wik­tor Or­ban ap­rel aýyn­da­ky saý­law­la­ryň ýur­duň gel­je­gi üçin yk­bal çö­zü­ji wa­ka öw­rül­jek­di­gi­ni aýtdy. Go­laý­da Res­pub­li­ka­da äh­lu­mu­my saý­law­la­ryň 8-nji ap­rel­de ge­çi­ril­jek­di­gi­ni ýur­duň Pre­zi­den­ti Ýa­noş Ader ha­bar be­rip­di. Şu mak­sat bi­len ýurt­da ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­ly­şyk­lar­ Wik­tor Or­ba­nyň ýolbaşçylyk edýän «Fides – wen­ger ra­ýat bi­le­le­şi­gi» par­ti­ýa­sy­nyň ýe­ňiş ga­zanjakdygyny görkezdi. Pikir soralyşyklarda saý­law­çy­la­ryň 50 gö­te­ri­miniň­ bu partiýa ses berjekdigi anyklandy.
Bu mag­lu­mat­lar, Or­ba­nyň Prem­ýer-mi­nistr hök­mün­de üçün­ji möh­le­te saý­lan­mak äh­ti­mal­ly­gy­nyň ýokarydygyny gör­kez­ýär. 54 ýaş­ly syýasatçynyň tarapdarlary onuň on­lar­ça ýyl­lap do­wam eden yk­dy­sa­dy dur­gun­lyk­dan soň Weng­ri­ýa­ny öz­ger­den­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri esa­syn­da, Weng­ri­ýa­nyň Döw­let mej­li­sin­de 199 orun kes­git­le­ner. Prem­ýer-mi­nistr Wik­tor Or­ba­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky do­lan­dy­ry­jy «Fides – wen­ger ra­ýat bi­le­le­şi­gi» par­ti­ýa­sy al­ty sa­ny par­ti­ýa­dan yba­rat koa­li­si­ýa hö­kü­me­ti­niň baş­lyk­ly­gy­na da­laş­gär bo­lan Hod­mez­ýo­wa­sar­heý şä­he­ri­niň hä­ki­mi Pi­ter Mar­ki-Zaý bi­len bäs­le­şer.
Öň­ki äh­lu­mu­my saý­law­lar 2018-nji ýy­lyň 8-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­lip, «Fi­des – wen­ger ra­ýat bi­le­le­şi­gi» par­ti­ýa­sy kons­ti­tu­si­ýa köp­lü­gi­ne eýe bo­lup­dy. In­di­ki ses be­riş­li­ge 8,2 mil­li­on saý­law­çy gat­na­şar. Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy 12-nji few­ral­da baş­lar. Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­da­ ýerleşýän Weng­ri­ýanyň 10 mil­lio­na go­laý ilaty bar.