Germaniýada Konserwatiw Hristian Demokratik Bileleşiginiň (CDU) täze başlyklygyna Fridrih Mers saýlandy. Ol onlaýn-kongresde sesleriň 95%-ine eýe boldy. Angela Merkel 18 ýyl işläp, 2018-nji ýylda partiýanyň lideri wezipesinden çekilenden soň, Mers bileleşigiň üçünji başlygy boldy. Mers iki gezek Hristian Demokratik Bileleşiginiň başlygy bolmaga synanyşypdy, ýöne 2018-nji ýylyň dekabrynda Annegret Kramp-Karrenbauerden we geçen ýylyň ýanwar aýynda Armin Laşşetden asgyn gelipdi.
Dekabr aýynda Fridrih Mersiň partiýa başlyklygyna dalaşgärligi HDB-niň taryhynda geçirilen ilkinji pikir soralyşygyň netijelerinden soň tassyklanyp, Armin Laşşetiň ornuna geldi. Geçen ýyl Germaniýanyň Bundestagyna geçirilen saýlawlarda Armen Laşşetiň ýolbaşçylygyndaky nemes konserwatorlary 16 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldular. Mejlisdäki HDB fraksiýasynyň ozalky başlygy Mers Germaniýada uly kompaniýalarda işläp, 2018-nji ýylda syýasy meýdança gaýdyp geldi.