26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýet we ma­li­ýe top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry bi­len bu ul­ga­my ös­dür­me­giň mö­hüm ugur­la­ry­ny hem-de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de äh­mi­ýet be­ril­me­li me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz yk­dy­sa­dy top­lu­my mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri ba­ra­da aý­dyp, ýa­kyn­da ýur­du­myz­da mö­hüm sy­ýa­sy wa­ka­nyň – Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si­niň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni, on­da ýur­du­my­zy ýa­kyn dö­wür üçin dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň we­zi­pe­le­ri­niň ara alyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu mak­sat­na­ma­da gel­jek 30 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni taý­dan ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dür­mek hem-de mil­li Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň we ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň esas­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek üçin ze­rur çä­re­le­riň göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ägirt uly iş­ler bi­ti­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2022–2052-nji ýyl­lar­da döw­le­ti­mi­zi ös­dür­mek bo­ýun­ça mö­hüm ugur­lar kes­git­le­ner. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz şu ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýet-ma­li­ýe ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň hem-de bu ba­bat­da bar bo­lan me­se­le­le­ri çöz­me­giň ugur­la­ry­na ga­ra­mak üçin yk­dy­sa­dy top­lu­myň iş­gär­le­ri bi­len mö­hüm me­se­le­ler ba­ra­da pi­kir alyş­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy we top­lu­myň dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ha­sa­bat­la­ry­ny diň­le­di.
Il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si­ne hö­dür­le­mek mak­sa­dy bi­len, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» tas­la­ma­sy bo­ýun­ça de­giş­li mi­nistr­lik­ler, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de iş­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi we bu tas­la­ma­ny taý­ýar­la­ma­gyň jem­leý­ji tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri M.Ser­da­row ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşy­r­mak mak­sa­dy bi­len, döw­let ta­ra­pyn­dan ze­rur gol­daw­la­ryň be­ril­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Soň­ra Mer­ke­zi ban­kyň baş­ly­gy G.Müş­şi­kow ge­çen ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri hem-de 2022-nji ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem bank eda­ra­la­ry­nyň işi­ni hä­zir­ki döw­rüň ýag­da­ýy­na gö­rä kä­mil­leş­dir­mek, oňa dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ni, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let Baştutanymyzyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­le­ti­mi­ziň bank eda­ra­la­ryn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek, ýur­du­myz we hal­ky­myz üçin äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň bank eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hä­zir­ki dö­wür­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri, bu ul­ga­ma hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ba­ra­da­ky ha­sa­bat­la­ry hem diň­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­ny, önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň ula­ny­ly­şy­ny yzy­gi­der­li sel­jer­mek, şeý­le hem dur­muş ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň muk­da­ry­ny kes­git­le­nen möç­ber­ler­de üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy­ýet top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň öňün­de dur­ýan anyk we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pu­luň he­mi­şe ka­da­ly he­re­ket et­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Şo­ňa gö­rä-de, hä­zir­ki wagt­da Mer­ke­zi ban­kyň we tu­tuş bank ul­ga­my­nyň esa­sy we­zi­pe­si yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de pu­luň ba­ra­bar­ly­gy­ny sak­la­mak­dan, bu ugur­da­ky ýag­daý­la­ra he­mi­şe­lik gö­zeg­çi­lik et­mek­den yba­rat­dyr. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň karz-pul sy­ýa­sa­ty­ny, ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak kä­mil­leş­di­ril­me­li­dir. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze gö­nük­di­ri­len karz se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­me­li­di­ris we ýo­kar­lan­dyr­ma­ly­dy­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li pu­lu­my­zyň sa­tyn aly­jy­lyk uky­by­ny ber­kit­me­giň, ýur­du­my­zyň se­na­gat-in­no­wa­si­on taý­dan ösü­şi­ni gol­da­ma­gyň Türk­me­nis­ta­nyň pul-karz sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sa­dy bol­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň iri pu­dak­la­ry­nyň, şol san­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň se­riş­de­ler bi­len ýe­ter­lik möç­ber­de üp­jün edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ki­çi we or­ta kär­ha­na­la­ryň ama­la aşyr­ýan tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­gi do­wam et­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra ma­li­ýe eda­ra­la­ry, aý­ra­tyn-da, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä bank top­lu­my, Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky we beý­le­ki ma­li­ýe eda­ra­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edil­me­li­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­myn­da ka­bul edi­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik edil­me­li­dir we bu iş­ler ut­gaş­dy­ryl­ma­ly­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­syn­da ila­ta edil­ýän san­ly bank hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni we ge­ri­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu ýyl ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek, yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­ni ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni bel­läp, býu­je­tiň gir­de­ji­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak hem-de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek ba­bat­da ze­rur iş­le­riň ge­çi­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň şu ýy­lyň few­ral aýyn­da ge­çi­ril­jek no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si­ne go­wy taý­ýar­lyk gö­rül­me­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi ýa­kyn 30 ýyl­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» gu­tar­nyk­ly tas­la­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

* * *

Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy­ýet we ne­bit­gaz top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da 2022-nji ýyl­da tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk ös­dür­mek ba­bat­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we se­bit­le­ri döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Il­ki bi­len, «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy M.Ro­zy­ýew ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di. Ol kor­po­ra­si­ýa­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan tä­ze ýa­tak­la­ry göz­le­mek we ola­ry öz­leş­dir­me­giň ha­sa­by­na te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ryl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, «De­mir­ga­zyk Der­wüş», «Gü­nor­ta Ma­ry» meý­dan­ça­la­ryn­da, «Ma­laý» gaz kä­nin­de de­giş­li seýs­mi­ki bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem çuň gu­ýu­la­ry bu­raw­la­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da hem-de gaz­ly we kon­den­sat­ly gat­lak­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak üçin göz­leg iş­le­ri­ni ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, bu meý­dan­ça­lar­da ga­zyň gor­la­ry­ny anyk­la­mak üçin gu­ýu­la­ry bu­raw­la­mak iş­le­ri­ne gi­riş­mek me­ýil­leş­di­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp hem-de hä­zir­ki dö­wür­de «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan seýs­mi­ki bar­lag­la­ryň we göz­leg iş­le­ri­niň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, tä­ze kän­le­ri ýü­ze çy­kar­mak hem-de se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, bu ugur­da­ky iş­le­ri yl­my esas­da ös­dür­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let mi­nist­ri – «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy B.Ama­now mil­li Li­de­ri­mi­ziň 2022-2023-nji ýyl­lar­da te­bi­gy ga­zyň gor­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak hem-de ga­zy­lyp alyn­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­dä­ki gaz kän­le­ri­niň bir­nä­çe­sin­de ula­nyş-ba­ha be­riş gu­ýu­la­ry­nyň ga­zy­lyp, ola­ry ula­ny­şa ber­mek, şeý­le hem ula­nyş gu­ýu­la­ry­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny do­ly ulan­ma­gyň ha­sa­by­na ga­zy çy­kar­ma­gyň möç­ber­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň gaz se­na­ga­ty­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň, onuň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­ma­gyň döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, goş­ma­ça gaz kän­le­ri­ni ula­ny­şa gi­riz­mek, şeý­le­lik­de, içer­ki sarp edi­ji­le­ri do­ly üp­jün et­mek we te­bi­gy gaz ba­bat­da ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de ýur­du­myz­da te­bi­gy ga­zyň hem-de ne­bi­tiň çy­ka­ryl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek, tä­ze ýü­ze çy­ka­ry­lan meý­dan­ça­lar­da bu­raw iş­le­ri­ni ge­çir­mek iş­le­ri­niň mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da bat­ly dep­gin­ler bi­len do­wam ed­ýän­di­gi ba­ra­da ha­bar ber­di. Şol bir wag­tyň özün­de ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy ber­ki­dil­ýär, pu­dak­lar üçin ze­rur bo­lan ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­lan­ma­gyn­da bol­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di hem-de bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­ri döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de, yl­my esas­da ös­dür­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra «Türk­men­ba­şy» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy J.Ju­ma­gy­ly­jow we Mer­ke­zi ban­kyň baş­ly­gy G.Müş­şi­kow ne­bit­gaz top­lu­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek we bu ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, ýur­du­my­zyň bank­la­ry­nyň ne­bit­gaz top­lu­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na ne­bit­gaz pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­ne we «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­na ma­li­ýe gol­da­wy­ny ber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ne­bit­gaz top­lu­my­nyň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin mö­hüm­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup hem-de pu­da­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­ne je­mi 159 mil­li­on 530 müň 900 ma­nat möç­be­rin­de we «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­na 75 mil­li­on ma­nat möç­ber­de ma­ýa go­ýum se­riş­de­si­ni ber­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz karz se­riş­de­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin gö­nük­di­ril­me­gi­niň Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ma­li­ýe taý­dan kuw­wat­ly­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­di we de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe-karz se­riş­de­le­ri­niň gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy we bu asyl­ly çä­rä­niň ýur­du­my­za bäh­bit ge­tir­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.