26-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr gölleri ýaly meselelere bagyşlandy. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna üns çekildi. Olarda türkmen topragynyň gadymy siwilizasiýalaryň we dünýä ähmiýetli medeni gymmatlyklaryň ojagydygy nygtaldy.
Maslahatyň «Merdana türkmen alabaýy – keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi» atly ikinji bölümi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň binasynda geçirildi.
Halkara maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen halysynyň milli muzeýinde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Geçmişden janly ýadygär – merdana türkmen alabaýlary», «Haly we amaly-haşam sungatynda türkmen alabaýynyň çeper waspy» atly bölümlerde öz işini dowam etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkynyň milli mirasynyň hem-de naýbaşy gymmatlyklarynyň sarpasy belentde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu assosiasiýa ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça uly göwrümli işleri alyp barýar.
Milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmen alabaýy asyrlaryň dowamynda halkymyz tarapyndan kemala getirilen gymmatlyklaryň iň naýbaşylarydyr.
Çünki ata-babalarymyz iti wepalylygyň, goraglylygyň, üstünligiň nyşany hasaplap, gadymyýetden ony maşgala ojagynyň goragçysyna, ýakyn dostuna öwrüpdir.
Itiň halkymyzyň ruhy dünýäsinde ýer alandygyna arheologik ýadygärliklerden tapylan tapyndylar hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde taryhçylar türkmen alabaýynyň galdyran yzlaryny, şeýle hem onuň gadymy haly göllerindäki şekillerini ýüze çykardylar. Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginiň diwar bezeginde ýüze çykarylan byçgynyň dişiniň şekilinde setir bolup gidýän öýjagazlary suratlandyrýan «It ýatak» göli bar. Türkmen alabaýyny wasp edýän ýene-de bir gadymy göl «Güjük yzy» gölüdir. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki IX–XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň penjesiniň yzy ýüze çykaryldy. Türkmen halylaryny, palaslaryny, keçelerini we beýleki nepis el işlerini bezeýän iň gadymy nagyşlaryň biri hem «Tazyguýruk» gölüdir. Ol halylaryň gyra nagyşlarynyň biri hökmünde gapynyň içki tarapynda asylýan haly önümleriniň merkezine çitilýän gölleriň gyralaryna jäheklenýär.
Taryha ser salanymyzda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda terbiýeläp ýetişdiren alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşynda we ruhy dünýäsinde uly orun eýeländigine göz ýetirmek bolýar. Parasatly pederlerimiziň döreden hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren milli gymmatlyklaryny ýokary derejede sarpalaýan, olaryň hersine degişli ajaýyp kitaplary ýazmak arkaly dünýä wagyz edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alabaý itlerimiziň hem sarpasy belentden tutulýar. Olaryň tohum arassalygyny saklamak, itşynaslygy ösdürmek, türkmen alabaýlaryny halkara jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalyny döretmek başlangyçlary hem Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem weterinar gullugyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumyň gurlup, ulanylmaga berilmegi-de döwlet Baştutanymyzyň alabaý itlerimiz barada edýän howandarlyk aladasynyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek, ony her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellemek hakyndaky Permany we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» hem-de «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlary döretmek hakynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny alabaýy wepadar dosty hasaplaýan halkymyzy, aýratyn-da ýurdumyzyň itşynaslaryny diýseň buýsandyrdy.
Güljemal BERDINAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.