27-nji ýanwarda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda möhüm wakanyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek onuň esasy meseleleriniň biridir.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumatlary berdiler. Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we degişli ministrlikler, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz geljek 30 ýyl üçin ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çözgütlerini kabul etmegiň zerurdygyny nygtap, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Biz Garaşsyz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, häzir biziň öňümizde şeýle uly wezipeler durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris we düzmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.