Tennis boýunça möwsümiň birinji “Uly tuwulga” ýaryşynda erkekleriň arasynda 6-njy basgançakdaky ispaniýaly Rafael Nadal çempion boldy. Ol finalda ATP sanawynyň 2-nji belgilisi, russiýaly Daniil Medwedew bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyk taryhy wakalara baý boldy. Duşuşygyň 1-nji setinde Medwedew 6:2 ýeňiş gazandy. 2-nji setiň ýeňijisi taý-bregiň netijesine belli bolup (7:6), ýeňiş ýene-de russiýaly tennisçiniň tarapynda boldy. 3-nji setiň 6-njy oýnunda 40:0-dan gelip, ýeňiş gazanan Nadal 9-njy oýunda garşydaşynyň ilkinji urgusyny (podaçi) almagy başardy. Netijede, 64 minutlap dowam eden 3-nji setde 6:4 ýeňiş gazanan Nadal umumy hasaby 2-1-e ýetirdi. 5-nji setde-de şol hasap gaýtalandy. Rod Laweriň adyny göterýän Arenadaky janköýerleriň hem goldawyny alan Nadal 6:4 ýeňiş gazanyp, umumy hasaby deňlemegi başardy (2-2). Final setinde-de Medwedew 10-njy oýunda Medwedew hasaby deňlese-de soňky 2 oýunda garşydaşyndan üstün çykan Nadal 7:5 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Nadal garşydaşy Medwedewiň 2:0 öňe saýlanandygyna garamazdan 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, taryhy çempionlyga mynasyp boldy. Ol “Açyk döwürde” “Awstraliýa Açygyň” finalynda 2:0-dan 3:2 ýeňiş gazanan ilkinji, “Uly tuwulgalaryň” finalynda muny başaran 7-nji tennisçi hökmünde taryha girdi. 35 ýaşyndaky Nadal 13 ýyldan soň Awstraliýada 2-nji çempionlygyny gazandy. Ilkinji çempionlygyny 2009-njy ýylda gazanan Nadal şondan soň Melburnda 4 gezek finalda utuldy.

Şeýlelikde, bu çempionlyk Nadalyň umumylykda 21-nji “Uly tuwulgasy” bolup, ol bu ugurda Rojer Federerden hem-de Nowak Jokowiçden öňe saýlandy we paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirdi. Şeýle-de Nadal Awstraliýa Açykda Ken Rouzwell (37) we Rojer Federerden (36) soň çempionlyk gazanan iň ýaşuly 3-nji tennisçi boldy. Ol 30 ýaşdan 7-nji “Uly tuwulgasyny” gazandy. Bu ugurda Jokowiç 9 çempionlyk bilen öňde barýar. Medwedew “Amerika Açykdan” (2019) soň 2-nji gezek finalda ýeňen Nadala pul baýragy hökmünde 2 million 22 müň amerikan dollary gowşuryldy. Geçen ýyl “Amerika Açykda” çempion bolan Medwedew bassyr 2-nji gezek “Awstraliýa Açygyň” finalynda ýeňlişe sezewar boldy.

Taryhy duşuşyk 5 sagat 24 minutda tamamlanyp, ol “Uly tuwulgalaryň” iň uzak wagtlap dowam eden 2-nji finaly hökmünde hasaba alyndy. Bu ugurda iň uzak wagtlap dowam eden “Uly tuwulga” finaly 2012-nji ýyldaky “Awstraliýa Açyk” ýaryşynyň finaly bolup, Jokowiç Nadaly 5 sagat 53 minutyň netijesinde 3:2 hasap bilen ýeňipdi.