Angliýanyň “Tottenham” kluby transfer möwsüminiň soňky gününde kluba goşan hem-de ugradan futbolçylary bilen hemmäniň üns merkezinde boldy. Londonlylar “Ýuwentusyň” 2 ýarymgoragçysyny urugwaýly Rodrigo Bentankury hem-de şwesiýaly Deýan Kuluşewskini transfer etdi. 24 ýaşly Bentankur üçin 19+6 million ýewro tölese, Kuluşewskini 1,5 ýyllyk kärendesine düzümine goşdy. Bentankur täze kluby bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Kuluşewskiniň kärendesi üçin 10 million ýewro tölejek “Tottenham” şertnamanyň tamamlanansoň ony ýene-de 35 million ýewro berip ymykly transfer eder. “Tottenham” topary argentinaly ýarymgoragçy Jowani Lo Selsony “Wilýarreala”, ispaniýaly hüjümçi Braýan Gili “Walensiýa” möwsümiň ahyryna çenli kärendesine ugratdy.Şeýle-de 2019-njy ýylda 62 million ýewro “Liondan” transfer eden fransiýaly ýarymgoragçysy Tanguý Ndombeleni hem möwsümiň ahyryna çenli oýunçynyň öňki klubuna ýollady. “Lion” 25 ýaşyndaky oýunçyny möwsümiň ahyrynda 65 million ýewro töläp alyp biler. Galyberse-de Dele Alli hem “Ewertona” transfer boldy.