3-nji fewralda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Toýlyýewiň XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen gidýän wekiliýetiň düzümine girýändigini belläp, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şu toparyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň üstüne ýükledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, Hytaýa sapardan gaýdyp gelnenden soň, toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda nähili hereket etmelidigi baradaky teklibiňizi beriň diýip aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew adatdan daşary toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin sapardan gelnenden soň, hökmany suratda, karantin çäreleriniň berjaý edilmelidigini, bu çäreleriň iň gysga wagtynyň — 3 gün, ortaça wagtynyň — 10 gün, iň wajyp wagtynyň bolsa 21 gün bolmalydygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu habary diňläp, wekiliýetiň agzalarynyň hem karantin geçmeli boljakdyklaryny aýdyp, arassaçylyk kadalaryna görä, biz 3 gün — ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri karantinde bolarys diýip belledi.