5-nji fewralda Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Türkmen gazynyň Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän gaz geçirijiniň gurluşygy özara bähbitli gatnaşyklaryň üstünliklere beslenýändigini aňladýar.
XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerine esaslanýan uzak möhletleýin netijeli gatnaşyklaryň anyk mysalydyr. Şol bir wagtyň özünde bu taslama sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr.
Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçilikleriniň heniz doly açylmandygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.
Türkmenistanyň gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň HHR-e ugradylmagy meýilleşdirilýän mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy gurlar
Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň seljerilmelidigini aýtdy. Bu dördünji (D) şaha boýunça Hytaýa tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.
Ýurdumyzyň çäginde türkmen tebigy gazynyň dördünji şaha boýunça Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän önümçilik, gaz ugradyş düzüminiň döredilmegi çözgüdi talap edilýän esasy meseleleriň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iki ýurduň hünärmenleriniň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhanalaryň, kompressor stansiýalarynyň, “Galkynyş” gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen çägine çenli gaz geçirijini gurmak meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirjekdiklerine ynam bildirdi.
Dördünji şahanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň çäklerinde, tebigy gazyň nyrh meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz bu mesele boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleriniň turba geçiriji boýunça geçýän harytlyk gazyň bahasyny kesgitlemekde dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýandygyny belledi.
Türkmen tarapy ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanylandan soňra, hytaý kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny HHR-iň göni maýa goýum serişdeleriniň hasabyna işläp taýýarlamaga gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Hytaý 5 million sany waksina ugradar
Häzirki ýagdaýy nazara alanyňda, saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlary, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasyny durmuşa geçirmek boýunça öňe sürýän teklipleri aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Hytaý tarapynyň Türkmenistana koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýda öndürilen waksinanyň 5 million sanysyny ugratmak baradaky çözgüdi dostlukly gatnaşyklaryň nobatdaky nyşany boldy.