Mundan 1300 ýyl ozal ýaponiýaly Fudziwara Mahito myhmanhana açmak kararyna gelipdir we kaşaň myhmanhanasyny esaslandyrypdyr. Onuň bu myhmanhanasy häzirki güne çenli saklanyp galmak bilen, ol şu günki günde hem myhmanlaryny kabul edip gelýär. 2011-nji ýylda bu gadymy myhmanhana Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna dünýäniň iň gadymy myhmanhanasy hökmünde girizildi. Mahitonyň esaslandyran myhmanhanasy özünden ogluna, soňra bolsa mirasdarlaryna geçip gelipdir. Häzirki wagtda bu bina myhmanhanany esaslandyryjynyň 52-nji nesli tarapyndan dolandyrylýar. Gyzykly ýeri-de, myhmanhana bir maşgalanyň agzalary tarapyndan eýelik edilip gelinýär. Öz döwründe Mahito şol döwrüň imperatorynyň ýakyn kömekçisi bolupdyr. Myhmanhananyň meşhurlygy-da şondan gözbaş alýan bolsa gerek. Belli myhmanhana Honsýu adasynda Fudziýama dag eteginiň gözel künjeginde ýerleşýär. Binada belli wagtlarda gurluşyk-abatlaýyş işleri geçirilip durulýar. Iň soňky düýpli abatlaýyş işleri 1998-nji ýylda geçirildi. Myhmanhananyň çäginde 40 töweregi otag, birnäçe hammam bar. Bu ýerde ýapon medeniýeti berk saklanýar. Birnäçe ýyldan bäri myhmanhana dünýäniň dürli künjeklerinden ençeme myhmanlary, syýahatçylary kabul edýär. Olar esasan bu ýere gadymy myhmanhanany ýakyndan synlamak, häzirkizaman siwilizasiýasynyň mümkinçiliklerinden wagtlaýynça daşlaşmak üçin hem-de saglyklaryny berkitmek üçin gelýärler. Gadymylygyna garamazdan bu myhmanhana Ýaponiýanyň iň meşhur ýerleriniň biri bolmagynda galýar.

Hallygözel Orazberdiýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby