Fransiýanyň çempionatynda PSŽ myhmançylykda soňky çempion Lill toparyny 5-1 hasabynda ýeňdi. Parižlilere ýeňiş getiren gollary Danilo Perreýra (10, 51), Kimpembe (32), Messi (38) hem-de Mbappe (67) geçirdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny-da 28-nji minutda Bottman öz adyna ýazdyrdy. Duşuşykda 1 gol geçiren Lionel Messi PSŽ bilen çempionatdaky 2-nji goluny derwezä girizdi. Şeýle-de Lionel Messi 2005-nji ýyldan bäri her kalendar ýylynda, başgaça aýdylanda 18 ýyldan bäri her ýyl gol geçirip gelýär.

PSŽ çempionatda 14 duşuşykdan bäri ýeňlişsiz ýörişini dowam edýär (9 ýeňiş, 5 deňlik).