Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen ösüşleriň täze sepgitlerine çykýar. Garaşsyzlyk ýyllar içinde ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni durmuş taýdan ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilip, häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi barha gowlanýar, ýurdumyzyň at-abraýy dünýä ýüzünde has-da arşa galýar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň hem her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek barada teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň kabul eden Kararyna laýyklykda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne geçirmek bellenildi. Bu milli forumyň geçirilmegi taryhy wakalaryň biri bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri etrabymyzdaky beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde fewral aýynyň 11-ne geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ähmiýeti, onuň türkmen durmuşyndaky orny dogrusynda etrabymyzyň edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýär. Şolar ýaly wagyz-nesihat duşuşygy Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda, pagta egriji kärhanasynda geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, TDP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammedow, TDP-nyň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gurbannepes Täçmedow, etrap hassahanasynyň lukmany Güller Jumaýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda geçen gysga döwür içinde ýetilen belent sepgitler barada aýratyn bellemek bilen Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde serediljek meseleler, ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň maksatnamasyna seretmek, tassyklamak boýunça alnyp barylan işler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Nesip bolsa öňde boljak milli forumda kabul ediljek çözgütler, diňe bir şu günüň däl, eýsem uzak gelejegiň ykbalyny kesgitlär. Ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeler her bir türkmenistanlyny begendirýär, buýsandyrýar, täze sepgitleri eýelemäge uly badalga berýär diýip uly buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri etrabymyzdaky beýleki jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, düşündirmek boýunça giň gerimli işleri mundanda beýläk güýçlendirmek ugrunda bar ukyp başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Işlemäge, halal zähmet çekip mähriban Diýarymyzyň ähli taraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlaýan döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!

Gülhumar HOJAHMETOWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.