2022-nji ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
Dokma senagaty ministrligine «Dokmahyzmat» döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri dowam etdirmek hem-de döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine Aşgabat şäheriniň Seýdi köçesiniň ugrunda bu ministrligiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Dokmahyzmat” döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we binany 2024-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Türkmenistanyň Merkezi bankyna nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Merkezi banka “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmennebit” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.
N.Amannepesow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bu toparyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.