Norwegiýanyň Bergen uniwersitetiniň alymlary ir-iýmişler, kösükli we däneli önümler bilen iýmitlenmegiň, gyzyl etden gaça durmagyň adamyň ömrüni 10-13 ýyl uzaltmaga ýardam edýändigini belleýärler. Bu barada «PLOS Medicine» žurnalynda makala çap edilipdir. Alymlar gyzyl eti iýmegi azaltmagy maslahat berýärler. Adam 20 ýaşlaryndaka sagdyn iýmitlenmegi endik edinen halatynda, ömrüniň dowamlylygy 10-13 ýyl uzalýar. Adam gartaşan wagty sagdyn iýmitlenmegiň ömür dowamlylygyna täsiri hem azalýar. Alymlaryň pikirine görä, berhiz saklamak geljekde sagdyn durmuşda ýaşamaga ýardam edýär.
Muhammetnazar ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.