Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Foruma delegatlar bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda milli ruhly, döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigi baradaky meselä aýratyn üns berdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durnukly we durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň dünýä giňişligindäki ornuny berkitmekde örän uly kesgitleýji ähmiýete eýedigi nazara alnyp, ýaşlara milli döwlet bähbitli jogapkärli işler ynanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegine degişlidir. Ýaýbaňlanan möwsümiň baş ýörelgesi türkmen jemgyýetinde onuň gadymy demokratik däplerini has-da pugtalandyrmagyň hökmany şerti hökmünde giň bäsdeşlik esasyndan ybaratdyr.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi, şoňa görä-de, şu gün milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy.
Häzirki forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy dalaşgärlige hödürlemek baradaky teklibe garadylar.
Bu mesele boýunça pikir alyşmalarda Demokratik partiýanyň agzalary — guramanyň işjeňleri çykyş etdiler. Şolaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy A.Burunow, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy R.Işangulyýew we Lebap welaýat komitetiniň başlygy M.Dosmedow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew boldy.
Demokratik partiýanyň agzalarynyň çykyşlarynda öňde boljak saýlawlaryň düýbünden täze taryhy şertlerde geçiriljekdigi nygtaldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda örän uly özgerişlikler bolup geçdi. Döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädimler ädildi, durmuş-ykdysady ulgamlary ösdürmekde hem-de ruhy galkynyşy üpjün etmekde ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Giň gerimli özgertmeler jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň hemme taraplaryny, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alyp, halkymyzyň doly goldamagyna we makullamagyna mynasyp boldy.
Biziň hem-de tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň gözüniň alnynda Türkmenistanda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirilýär, batyrgaý pikirleniş iş ýüzünde amala aşyrylyp, anyk häsiýete eýe bolýar, iri möçberli syýasy, ykdysady, durmuş ulgamyna degişli işler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi, adamlaryň aňyna we düşünjesine örän güýçli täsir etdi.
Biziň halkymyz döwletimiziň Garaşsyzlyk döwrüniň taryhyndaky täze tapgyra hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze saýlawlaryna şunuň ýaly kämil dünýägaraýyşly tejribe bilen gelip, jemgyýetimizde dabaralanýan agzybirlik we jebislik ruhuny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.
Türkmen halky ruhy, medeni, syýasy däplerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gelip, şolara özgerişlik ugruny girizmegi hem-de döredijiligiň we rowaçlygyň özbaşdak giň ýoluna çykmagy başardy. Döwletimiziň adamlaryň abadançylygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilen tutuş ykdysady we durmuş syýasatynyň özeni şunuň ýaly umumy binýatdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysady, syýasy we durmuş ugurlarynda başy başlanan ähli ägirt uly we giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ýaş nesilleriň hem gerdenine düşýär. Özgertmeleriň üstünligi we halkymyzyň mundan beýläkki abadançylygy köp babatda hut häzirki ýaş oglan-gyzlaryň aň-paýhasyna, ukyp-başarnygyna, döredijilikli zähmetine hem-de ylhamyna baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne alyp biljek ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada aýdan pikirleriniň möhümdigi bellenildi. Ýaşuly nesil bu başlangyjy doly goldaýar, şol başlangyçda döwürleriň we nesilleriň dowamatynyň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýan asylly halypa-şägirtlik ýörelgesi beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Türkmen döwletiniň daýanjy we umydy bolan ýaşlar bilen duşuşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle duşuşyklaryň her biri — okuw mekdeplerinde ýa-da zawod-fabriklerde bolup geçýän duşuşyklar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň öňünde durýan wezipeler we işler baradaky aç-açan söhbetdeşlige, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir sözi bolsa ýaş türkmenistanlylar üçin hereket etmegiň maksatnamasyna öwrülýär.
Şu manyda giň, täzeçil, özbaşdak pikirlenip bilýän ýaş zehinli adamlaryň öňe sürülmegi ýurdumyzyň hut şeýle dalaşgärlere islegi bilen şertlendirilendir — olar özgertmeleriň dowam etdirilmegi, Watanyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstlerine almaga ukyplydyrlar.
Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp ýolbaşçylyk we guramaçylyk häsiýetlerini bellediler. Ol agras hem-de islendik meselä seslenip bilýän, oňat hojalykçy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolan adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy.
Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. Halkara gatnaşyklar boýunça hem hünärmen bolmak bilen, ol zähmet ýolunda Mejlisiň komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipeleri eýeläp, dolandyryş işlerini alyp barmakda baý tejribe toplady.
Gurultaýa gatnaşyjylar ýolbaşçy wezipede bitiren hyzmatlaryny, iş tejribesini, belent işjeňlik hem-de ahlak häsiýetlerini belläp, ony ýurdumyzyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek barada çözgüt kabul etdiler.
Çykyşlar tamamlanandan soň Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemegi makullamak baradaky kararyň taslamasy sese goýuldy hem-de biragyzdan kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bildirilen ynam üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, onuň örän uly jogapkärçilikdigini hem-de bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, eger, özüniň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mundan beýläk hem ata-babalarymyzyň ruhy, mirasyna ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, ähli-ukyp başarnygyny gaýgyrman, Watanymyz, halkymyz üçin, milli Liderimiziň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, tutanýerli we döredijilikli tutumlar bilen beýik maksatlara ýetmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Meniň ähli aladam, baş maksadym mydama halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwletimizi täze döwürde ösüşlere we galkynyşlara beslenen ýurda öwürmek ugrundaky tagallalar bolar diýip Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde duran saýlawlarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň ýokary mekdebiniň, halk häkimiýetiniň ösdürilmeginiň ýene-de bir hakyky dabaralanmasy boljakdygyna ynam bildirdi.
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy” tassyklanyldy. Onuň amala aşyrylmagy biziň öňümizde mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen belent maksatlary hem-de wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow bellenen maksatlary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
— Men öz halkyma, onuň belent we mizemez ruhuna, biziň ählimiziň bilelikde barha jebisleşip, mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, eziz Türkmenistany has-da özgertjekdigimize, öz ajaýyp, bagtyýar geljegimizi gurjakdygymyza pugta ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär aýtdy.
Şeýle hem wise-premýer Demokratik partiýanyň ähli agzalarynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgä esaslanyp, ägirt uly başlangyçlaryň we işleriň amala aşyrylmagynda goldaw berjekdiklerine ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow uly ynam bildirilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgärlige hödürlenilendigi üçin hoşallyk bildirmek bilen, öz gezeginde, bu ynamy ödemek üçin zehinini, bilimini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.
Dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Ýakyn wagtda ýokary döwlet wezipesine beýleki dalaşgärleriň atlary hem belli bolar. Bu bolsa Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasda geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli kanunçylyga hem-de halkara tejribä laýyklykda, ähli dalaşgärlere deň hukuklar we saýlawçylar bilen duşuşyklar hem-de olary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalar bilen tanyşdyrmak, wagyz etmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz işlerini alyp barmak üçin deň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle çäreleri ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli guramalary, kärhanalaryň, edaralaryň hem-de beýleki düzümleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde guramak saýlaw toparlarynyň üstüne ýüklenilýär.
Häzirki jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçiriljekdigi aýdyň hakykatdyr. Bu halkymyzyň köp asyrlardan bäri gelýän hem-de milli häsiýetiniň özenine öwrülen gadymy halk häkimiýetlilik däplerinden gelip çykýar.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bu syýasy çärä jemgyýetçilik gyzyklanmasynyň uludygy düşnüklidir. Çünki döwlet Baştutanynyň saýlawy ýurdumyzyň halkynyň hem-de her bir raýatyň geljeginiň saýlawydyr.