Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe hem-de ýurduň ähli halkyna Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmek hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.