Türkmenistanda her ýylyň 18-nji fewralynda diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Bu ýyl, ýagny, 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem 30 ýyl dolýar. Diplomatik işgärleri üçin bu şanly sene uly üstünliklere ymtylmaga ýol açýar. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklaryň, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň nyşanyny alamatlandyrýan Bitaraplyk statusymyzdan gözbaş alyp, Türkmenistan özüniň bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda, 150-ä golaý döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 50-ä golaý iri halkara guramasyna agza bolup durýar. Biziň diplomatik wekilhanalarymyz bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.
Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary işler ministrligi tarapyndan döwlet derejesinde uly çäreler, maslahatlar we sergiler guralýar. Şolar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem 18-nji fewral – Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp institutymyzyň döredijilik toparynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasyna uludan taýýarlyk görülýär.
Mundan başga, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň işiniň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça-da uly işler amala aşyrylýar.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.