Geçen hepdäniň ahyrynda Portugaliýda oýnalan Porto – Sporting derbisi wakalara baý boldy. 5 gyzyl, 9 sary kartyň çykarylan duşuşygy 2-2 deňlikde tamamlandy. Duşuşyk dowam edýän mahaly hem-de soňunda uly gowur turuzan we bu ugurda-da ozal ýakasyny tanadan Porto toparynyň goragçysy Pepe oýnuň ahyrynda gyzyl kart aldy. Eden gödeksi hereketleri hem-de Sporting toparynyň sport direktoryny urandygy üçin Pepä agyr jerime beriler. 38 ýaşly futbolçynyň 2 aýdan 2 ýyla çenli jerime almagy mümkin. Onuň näçeräk we nähili jerime aljakdygy golaýda belli bolar.