Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlarynyň 6-sy Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy we olar gollary ýygnamak işlerine başladylar.

Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň  Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow dalaşgärlige hödürlenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň  Agrar partiýasy tarapyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow dalaşgärlige hödürlenildi.

Bu dalaşgärleriň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärligi bellige alyndy we olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.