Kardiologlar adamyň sagdyn ýaşamagyna peýdaly önümiň adyny mälim etdiler. Olaryň pikirine görä, margarin, maýonez ýa-da saryýag ýaly önümleriň deregine şonça mukdardaky zeýtun ýagyndan peýdalanylsa, saglygyna has gowy peýda edýär. Adamyň iýmitlenişi saglygyna gönüden-göni täsir edýär. Bu barada Garward uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň kardiologlary Amerikanyň kardiologiýa kollejiniň žurnalynda mälim etdiler. Azyk önümleriniň ýürek-damar saglygyna täsiri barada geçirilen barlaga 90 müňden gowrak adam gatnaşdy. Anyklanylyşy ýaly, 10 gram margarin, maýonez ýa-da saryýag şunça mukdardaky zeýtun ýagy bilen çalşylsa, ýürek-gan damar keselleriniň ýüze çykmak howpy azalýar. Garwardyň alymlarynyň maglumat bermegine görä, zeýtun ýagynyň ýygy-ýygydan peýdalanylmagy ýürek-damar keselleriniň netijesinde ýüze çykýan ölüm howpuny 19 %-e çenli azaldýar. Şeýle-de zeýtun ýagy rak keseliniň ýüze çykmak howpuny hem 17 %-e çenli kemeldýär.

Mekan HOJAMYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby