Durmuş geçen günler däl-de, ýatda galan günlerdir.
A. Pawlenko.
Durmuş bir pursat. Ony ilki garalama görnüşinde ýaşap, soň bolsa arassa ýazylan nusga geçirip bolmaýar.
P. Çehow.
Biz guşlar ýaly howada uçmagy, balyk ýaly suwda ýüzmegi öwrendik, indi adam ýaly ýaşamagy öwrenmeli.
De Sent-Ekzýuperi.
Dogry ýoly tapmak üçin ilki bilen azaşyp görmeli.
Bernar Werber.
Akylly bolmak hiç wagt giç däl.
Daniel Defo.
Hakyky durmuşda ýaşamak üçin töwekgelçilik etmeli.
Paulo Koelo.
Bir sagat wagtyny ýitirmäge het edip bilýän adam, onda durmuşyň gymmatyna entek düşünmändir.
Çarlz Darwin.
Gözellik söýgä sebäp bolmaýar, ýöne söýgi gözelligi görmäge mejbur edýär.
Lew Tolstoý.
Durmuşdaky iň uly bagt söýülýändigimize bolan ynamdyr. Bizi bolşumyz ýaly söýýändiklerine bolan ynamymyzdyr.
Wiktor Gýugo.
Men durmuşda söýgi bilen ýaşamagy makul bildim. Çünki ýigrenç gaty agyr ýük.