19-njy fewralda Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda ýokary döwlet wezipesine iň mynasyp adamlar dalaşgärlige hödürlenildi. Bu çäreleriň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmegi ýurdumyzyň kanunçylygynda raýatlaryň özleriniň konstitusion hukuklaryny erkin, doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleriň beýan edilendiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Ahal welaýatynda geçirilen ýygnaga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň ýokary döwlet wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky teklibe garadylar.
M.Öwezgeldiýew 2007-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern lukmany wezipesinde işe başlady hem-de 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli welaýatyň etraplarynda bu düzümiň dürli ýolbaşçy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýylyň fewralyndan bäri bolsa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.
M.Öwezgeldiýewiň ýolbaşçy wezipede guramaçylyk ukybyny, onuň ýokary hünär we şahsy häsiýetini nazara alyp, ýygnaga gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.
Maksatmyrat Öwezgeldiýew, öz gezeginde, bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, jogapkärçilige doly düşünýändigine we bildirilen ynamy ödemek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Mary welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky teklibe garadylar. Bu mesele boýunça pikir alyşmalaryň barşynda ýygnaga gatnaşyjylar dalaşgäriň terjimehaly we zähmet ýoly bilen tanyşdylar.
K.Saryýew 1999-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlap, inžener-mehanik hünärini ele aldy hem-de «Maryazot» önümçilik birleşiginde zähmet ýoluna başlady. 2001-nji ýylda harby gullugy tamamlandan soňra, Mary welaýatynyň maşyngurluşyk zawodynda inžener-tehnolog, inžener-metalist wezipelerinde hem-de 2002-nji ýylyň oktýabryndan başlap, Döwlet energetika institutynda dürli wezipelerde işledi.