21-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy M.Meredow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Görogly etrabyndaky 65-nji orta mekdebiň mugallymy T.Aramedowa söz berdi.
Ol ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň geçen zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri ýaş, oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän, giň gerimde pikirlenmäge ukyply hem-de dürli döwlet wezipelerinde işlän ýyllarynda milli ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň uly tejribesini toplan jogapkärli ýolbaşçy, şeýle hem ýokary ahlak sypatly we guramaçylyk başarnyklaryna eýe bolan adam hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi.
«Munuň özi diňe bir meniň üçin däl-de, Garaşsyzlyk ýyllary içinde kemala gelen ýaş nesliň ählisi üçin hem uly jogapkärçilikdir» diýip, dalaşgär aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda, dalaşgär ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda, gadymyýetde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Daşoguz welaýatyna, köp sanly meşhur şahsyýetleriň ýaşap geçen, hasyllylygy we rysgal-berekedi, ekerançylarynyň zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan bu sebite hem uly üns bermegi maksat edinýär.
Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli ösüşe eýe boldy, täze, döwrebap obalar, mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, sport toplumlary peýda boldy diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeler geljekde hem mynasyp dowam etdiriler diýip, dalaşgär belledi.
Serdar Berdimuhamedow öňde durýan möhüm wezipeleri beýan edip, olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň gerimini giňeltmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, sebitde milli we halkara syýahatçylygy ösdürmek, obalarda we şäherlerde täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleri hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak meselelerini aýratyn nygtady.
Serdar Berdimuhamedow şeýle hem welaýatda awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegiň, olaryň durkuny täzelemegiň möhümdigi barada aýdyp, hususan-da, Aşgabat — Daşoguz, welaýat merkezini Ruhubelent etraby hem-de Köneürgenç şäheri bilen birleşdirýän awtomobil ýollaryna ünsi çekdi.
Dalaşgäriň maksatnamasynda telekeçiligi goldamak, döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna obasenagat toplumyny özgertmek işlerine hususyýetçileri çekmek wezipeleri kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, bu çäreler dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda künjini, bugdaýy, pagtany gaýtadan işlemek boýunça senagatyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün eder. Şunuň bilen birlikde, saýlawçylaryň sargytlaryny nazara almak bilen, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek işleri dowam etdiriler diýip, dalaşgär nygtady.
Soňra saýlawçylar bilen ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek meseleleri baradaky söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir meselelerini anyklaşdyrdy. Hususan-da, ilatyň saglygyny goramak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, sebitlerde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we beýleki wezipeler barada öz garaýyşlaryny beýan edip, olary oňyn çözmek boýunça geçirilmeli çäreleri kesgitledi.