21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Russiýa biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletleriň biridir.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy belleniler. Şu döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy we häzirki döwürde örän köp ugurlar boýunça depginli ösdürilýär. Syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar we bilelikdäki işiň beýleki ugurlary döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Ýokary derejede ýola goýlan açyk, netijeli hyzmatdaşlyk däbe öwrülen türkmen-rus dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmegiň esasy şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara topary, daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri, ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryň dürli görnüşleri ýaly hökümetara hyzmatdaşlygyň gurallary netijeli işleýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigini tassyklap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine Moskwa şäherine iş sapary bilen gitmegi hem-de Russiýanyň Daşary işler ministrliginde we beýleki döwlet düzümleri bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy. Duşuşyklaryň baş maksady türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly soraglaryň toplumy boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.
Milli Liderimiz bu gatnaşyklary uzak möhletleýin geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemegi, şonuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklara, döwlet, parlament we hökümet derejelerinde özara saparlary guramaga, bilelikdäki syýasy forumlary guramaga hem-de geçirmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem russiýaly hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek Aşgabatda şu ýylyň maý aýynda parlament ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlament forumynyň maksatnamasyna we gün tertibine seretmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny depginli ösdürmek, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi üpjün etmek, yzygiderli esasda ylym, bilim we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, ýakyn wagtda rus tarapy bilen bilelikde hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygyny guramak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle hem saparyň dowamynda bu toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň ikinji ýarymynda geçirmek bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşylmalydyr.
Russiýanyň sebitleri bilen Türkmenistanyň göni gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz şundan ugur alyp, ýurdumyzyň däbe öwrülen hyzmatdaşlary bolup durýan Russiýa Federasiýasynyň respublikalary, welaýatlary we ülkeleri bilen gatnaşyklaryň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.
Ylym, bilim, medeni ulgamlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda köp sanly türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamy boýunça gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen ençeme beýleki çäreleri guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny baýram edip bellemäge bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň üstünde işlemegi tabşyrdy. Bu maksatnamada medeniýet bilen bagly meselelere aýratyn üns bermeli.
Ýokarda sanalyp geçilen meseleler we beýlekiler Russiýa Federasiýasyna boljak saparyň esasy meselesine öwrülmelidir. Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary nazara alyp, Türkmenistanyň wekiliýetini şu ýylyň 21-22-nji fewralynda Moskwa şäherine iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi. Milli Liderimiz resminamany wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna sanly ulgam arkaly ugradyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.