21-nji fewralda geçirlen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde durýan wezipelere laýyklykda, alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli senagat önümleri, edara-kärhanalaryň önümçiligine gerek bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Täjigistan Respublikasy bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşygyň çäklerinde degişli ministrligiň garamagyndaky “Nebitmaş” döwlet kärhanasynda öndürilýän önümleriň çig maly hökmünde ulanylýan sozulan we guýma alýumin taýýarlamalaryny satyn almak üçin Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginden 10 müň tonna alýumin satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmeginiň senagat pudagynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Ýokary hilli senagat önümçiligini ösdürmekde zerur çig mal hökmünde ulanylýan alýumin önümleriniň getirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemmetaraplaýyn we häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyklykda içgin öwrenilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.