Awgust aýyndan bäri sosial media ägirdi “TikTok” dürli ulanyjy toparlarynda bäş minutlyk wideolaryň giňişleýin beta synagyny geçirýär. Hatda kiçi toparlar bilen 10 minutlyk wideo synaglary hem geçirildi. Pandemiýa döwründe görnetin ösüş gazanan kompaniýanyň ýolbaşçylary uzyn wideolar arkaly has köp mahabat satyp biljekdigini pikir edýär. Şeýle-de bolsa, gysga wideo mazmuny ulanyjynyň ünsüni özüne çekýär. Platformanyň häzirki wagtda bir milliard ulanyjysy bar.