Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito şu gün doglan gününi belleýär. Onuň 62 ýaşy doldy. Bu gün ýurtda milli baýramçylykdyr. Koronawirus sebäpli çäkli mukdarda myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaralaryň geçiriljekdigi habar berilýär. Däp bolşy ýaly, bu gün monarh we onuň maşgalasynyň agzalary müňlerçe mähelläni garşylamak üçin Tokionyň merkezindäki köşgüň balkonyna çykarlar.

Ýyl ýarym ýyl mundan ozal, tagta çykaly bäri ilkinji gezek ýapon Imperatory penşenbe güni  “Umyt” mowzugyndaky goşgularyny hödürledi. Köşk administrasiýasynyň habar berşi ýaly, Imperator ýaş nesliň ýagty geljegine çyn ýürekden umyt baglap, bu goşgyny düzüpdir.

Naruhito 2019-njy ýylyň 1-nji maýynda tagta çykdy. Bu waka kakasy Akihito garrylygy sebäpli tituldan ýüz öwürenden soň bolup geçdi. Häzirki Imperator, Ikinji jahan urşundan soň dünýä inen ilkinji ýapon monarhydyr. Mirasdüşer şazada Naruhito 1960-njy ýylyň 23-nji fewralynda Tokioda dünýä inýär. Şazada çagalygyndan aýdym-saz, tennis, gaýa çykma, at münmek we beýsbol bilen gyzyklanýar. Ol çagalygyndan transportuň taryhy bilen gyzyklanýar. Ol 1983-86-njy ýyllar aralygynda Oksford uniwersitetiniň ýanyndaky Merton kollejinde okaýar. 1988-nji ýylda Gakusýuin uniwersiteti tarapyndan berlen taryh ylymlarynyň magistri diýen ylmy derejä eýe. Naruhito suw ekoulgamynyň meselelerine aýratyn üns gönükdirýär we köplenç bu mowzuk boýunça ylmy nutuklary bilen tanalýar. 1993-nji ýylda mirasdüşer şazada ozalky diplomat, BMG-niň Halkara kazyýetiniň başlygynyň gyzy Masako Owada öýlenýär. Naruhitonyň aýaly çagalygyny Moskwada geçirip, Beýik Britaniýada we ABŞ-da bilim alýar. 2001-nji ýylda olaryň gyzy Aýko dünýä inýär.