Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin 150 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de Af­ri­ka ýurt­la­ry­na Ýew­ro­pa­nyň ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy­nyň baş­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Bu ba­ra­da Brýus­sel­de ta­mam­la­nan 6-njy ÝB-AB sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­rin­den soň yg­lan edi­len bi­le­lik­dä­ki be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.
«Biz ma­ýa go­ýum­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim ba­bat­da umu­my mak­sat­la­ry­my­za iter­gi ber­jek 150 mil­liard ýew­ro­lyk Af­ri­ka-Ýew­ro­pa ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­ýä­ris» diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär.
Bu mak­sat­na­ma Ýew­ro­pa­nyň «Glo­bal Ga­te­way» ma­ýa go­ýum stra­te­gi­ýa­syn­da­ky il­kin­ji anyk tas­la­ma bo­lup, ös­ýän ýurt­la­ra Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň kö­pel­me­gi­ni we bu döw­let­le­re ed­ýän tä­si­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün et­me­li. Bu stra­te­gi­ýa, Hy­ta­ýyň «Bir gu­şak, bir ýol» baş­lan­gy­jy bi­len de­ňeş­di­ril­ýär. Sam­mi­tiň çä­gin­de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da san­jym­la­ry güýç­len­dir­mek üçin 450 mil­li­on ýew­ro çen­li ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni gö­nük­dir­me­gi wa­da ber­di.
Sam­mi­tiň çä­gin­de al­ty sa­ny Af­ri­ka döw­le­ti­ne – Mü­sü­re, Se­ne­ga­la, Tu­ni­se, Ke­ni­ýa, Ni­ge­ri­ýa we Gü­nor­ta Af­ri­ka ýurt­la­ry­na mat­ri­sa ri­bo­nuk­le­in kis­lo­ta­sy­na (mRNA) esas­lan­ýan COVID-19 san­jym­la­ry­ny ön­dür­mek üçin teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ber­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen Brýus­sel­de ge­çi­ri­len met­bu­gat ýyg­na­gyn­da Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň 2040-njy ýy­la çen­li ze­rur san­jym­la­ryň 60%-ini ön­dür­me­li­di­gi­ni, hä­zir­ki wagt­da bol­sa di­ňe 1%-ini ön­dür­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy 2021-nji ýyl­da san­jym­la­ry ön­dür­mek we pes gir­de­ji­li ýurt­lar­da san­jym­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ber­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­ny ýo­la go­ýup ug­ra­dy. Bu mak­sat­na­ma di­ňe bir COVID-19 san­jym­la­ry­ny däl, eý­sem, beý­le­ki ke­sel­le­ri hem öz içi­ne al­ýar.