Indoneziýanyň häkimiýetleri G20 ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 17-nji sammitini şu ýylyň ahyrynda Bali adasynda geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada ýurduň habar beriş serişdeleri mälim edýärler. Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo öz çykyşynda:
– Biz pursatdan peýdalanyp, saglyk pudagyna we ykdysady taýdan dikeldişe gözegçilik ukybymyzy dünýä jemgyýetçiligine görkezmek isleýäris – diýip belledi. Onuň sözlerine görä, G20 sammiti esasy halkara çärelerini geçirmekde baý tejribe toplan Bali adasynda geçiriler.
«Jakarta sammite gatnaşyjy ýurtlardan we halkara guramalaryndan bu syýasy çärä müňlerçe wekiliň gelmegine garaşýar» diýlip, daşary işler ministrliginiň beýanatynda bellenilýär. Indoneziýanyň G20 sammitine başlyklygy geçen ýylyň oktýabr aýynda Italiýada geçirilen sammitde mälim edilipdi. Indiki sammitiň Germaniýanyň täze Kansleri Olaf Şols üçin ilkinji boljakdygy habar berilýär.
«Uly ýigrimiligiň» düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Koreýa Respublikasy, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär.
G20 topary dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýä ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramanyň maslahatynda, esasan, halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.