LISBON, PORTUGAL - FEBRUARY 23: Sebastien Haller of Ajax celebrates after scoring their team's second goal during the UEFA Champions League Round Of Sixteen Leg One match between SL Benfica and AFC Ajax at Estadio da Luz on February 23, 2022 in Lisbon, Portugal. (Photo by Octavio Passos/Getty Images)

UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň birinji oýunlarynyň çäginde Benfika bilen Aýaks duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýun 2-2 deňlikde tamamlandy. Myhman topar 18-nji minutda Duşan Tadiçiň owadan goly bilen öňe saýlandy. 26-njy minutda ýaryşyň iň netijeli hüjümçisi Sebastian Haller topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçirdi. Ýöne ol 3 minutdan soň topy hakyky geçirmeli derwezesinden geçirip, toparyny öňe çykardy. Ýer eýeleri 72-nji minutda Roman Ýaremçugyň goly bilen hasaby deňlemegi başardy. Şu möwsümde 22 gol geçiren Aýaks 1995/96 hem-de 2018/19 möwsümlerindäki öz rekordyny gaýtalady. Şeýle-de Sebastian Haller Çempionlar Ligasynda ilkinji 7 duşuşygynda gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy başardy. Bu ugurda ozalky rekord 5 oýun bilen Erling Holann, Del Piero hem-de Diego Kosta degişlidi. Aýaksyň goragçysy Daleý Blind UÇL-de 43-nji gezek meýdança çykyp, Ýari Litmaneniň kluba degişli rekordyny täzeledi.