Geçen ýyl Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda dolanyşygy 34,415 milliard dollar bolup, 44,2% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň gümrük gullugy habar berdi. Şol sanda, Russiýanyň ABŞ-a eksporty 17,538 milliard dollar (ösüş 61,8%), ABŞ-nyň Russiýa eksporty 16,877 milliard dollar (ösüş 29,5%) boldy.