Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi gysga metražly täze filmde keşpleri ýerine ýetirmek isleýänleri synaga çagyrýar. «Istärin» atly kinofilm beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada bolar.

Synaga 16 ýaşdan uly bolan islendik adam gatnaşyp biler. Hünär taýdan aktýorlyk bilimi bolsa has gowy, ýöne ol hökmany şert däldir. Oňa gatnaşmak üçin döredijilik synagyna ýazylmaly. Munuň üçin Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine ýüz tutmaly ýa-da 49-37-13 belgili telefona jaň etmeli.

Taslamanyň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, eýýäm ilkinji höwesekler peýda boldy. Ýakyn wagtda zehinler uly synagdan geçiriler, şonda olar Magtymgulynyň goşgularyny labyzly okamalydyrlar. Synagdan geçenler foto we wideosynaglara gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Şahyryň goşgularynyň biriniň ady bilen atlandyrylan «Istärin» filmi Magtymgulynyň baý döredijilik mirasyny wagyz etmäge bir goşant goşar.