Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ga­dy­my at­çy­lyk sun­ga­ty­ny tä­ze­den di­kelt­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bi­ziň döw­rü­miz­de zäh­met­sö­ýer se­ýis­ler be­ýik ata-ba­ba­la­ry­my­zyň iň oňat däp­le­ri­ni do­wam edip, deň­siz-taý­syz to­hum at­la­ryň aras­sa­ly­gy­ny sak­la­mak, sy­na gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek hem-de gö­zel­li­giň we aja­ýyp­ly­gyň nus­ga­sy hök­mün­de yk­rar edi­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň saý­la­ma to­hum­la­ry­nyň baş sa­ny­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ama­la aşyr­ýar­lar.
Ýurdumyz iň hä­zir­ki za­man de­re­je­sin­dä­ki at­çy­lyk sport top­lum­la­ry­na we mer­kez­le­ri­ne eýe­dir, şo­lar­da bolsa tä­ze to­hum at­la­ry­ny ös­dür­mek üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­di. At­çy­lyk spor­tu­nyň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da kon­kur bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ösü­şe eýe bol­dy. Päs­gel­çi­lik­ler­den bök­mek bo­ýun­ça kon­kur ýa­ry­şy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 2017-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da uly üs­tün­lik bi­len ge­çen Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­la­ry­na il­kin­ji ge­zek gi­ri­zil­di.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň mil­li mi­ras hök­mün­de ga­dym­ky şöh­ra­ty­nyň di­kel­dil­me­gi we ola­ryň kö­pel­dil­me­gi Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­la­nyn­dan soň baş­lan­dy. Ahal­te­ke be­de­wi özü­niň ta­ry­hy Wa­ta­nyn­da ha­ky­ky keş­bi­ne eýe bol­dy. Dün­ýä çem­pio­ny Ýa­nar­dag Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let tug­ra­sy­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­di­ril­di we ol er­kin­li­giň hem-de ga­raş­syz­ly­gyň he­mi­şe­lik ny­şa­ny­na öw­rül­di. Şol dö­wür­den başlap naý­ba­şy to­hum­da­ky at­la­ry mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak, ony dün­ýä ýü­zün­de ýaý­rat­mak we meş­hur et­mek ba­bat­da­ky mak­sa­da ok­gun­ly to­hum­çy­lyk seç­gi iş­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­di. Şol mak­sat bi­len «Türk­men at­la­ry» döw­let bir­le­şi­gi dö­re­dil­di. Bir­le­şik ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne öz ömür­le­ri­ni ba­gyş­lan hü­när­men­le­riň ägirt uly iş­le­ri­ni ut­gaş­dyr­ýar. Aja­ýyp to­hum­da­ky at­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň giz­lin syr­la­ry­ny, tej­ri­be­le­ri­ni ata­dan og­la ge­çi­ren türk­men seç­gi­çi­le­ri­niň köp ne­sil­le­ri öz­le­ri­niň köpasyr­lyk tej­ri­be­le­ri­ne da­ýan­dy­lar we bu ugur­da­ky dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň sa­ny­ny hem-de aras­sa­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge, geç­miş­dä­ki to­hum­çy­lyk ne­sil ugur­la­ry­ny hem-de at­şy­nas­ly­gyň asyl­ly däp­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy­nyň aga­sy Aba An­na­ýe­wiň meş­hur at­şy­nas bo­lan­dy­gy­ny we onuň ahal­te­ke be­de­wi­ni go­rap sak­la­mak, kä­mil­leş­dir­mek işi­ne ägirt uly go­şant go­şan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Mu­nuň özi bol­sa hormatly Prezidentimiziň ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne bo­lan söý­gü­si­niň ne­sil­ler aşyp gel­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ýurt­da aras­sa gan­ly ahal­te­ke at­la­ry­nyň baş sa­ny­ny art­dyr­mak, at­çy­lyk spor­tu­nyň gör­nüş­le­ri­ni we at­ça­py­şyk­la­ry­nyň mil­li däp­le­ri­ni wa­gyz et­mek ba­bat­da özü­niň göw­rü­mi we äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Her ýyl­da ýur­du­myzda türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my giň­den bel­le­nil­ýär. Onuň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­myz­da at­şy­nas­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra yl­my çä­re ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän, döw­re­bap at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy.
Tä­ze dö­wür­de ha­ky­ky ýo­ka­ry gö­te­ri­li­şi baş­dan ge­çir­ýän ýur­du­my­zyň at­çy­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len milli Liderimiz ta­ra­pyn­dan ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len bu be­dew­le­riň iň naý­ba­şy­sy­ny saý­la­mak ug­run­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, tu­tuş adam­za­dyň ba­ha­syz gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len deň­siz-taý­syz be­dew­le­riň gö­zel­li­gi­niň öz­bo­luş­ly göz­den ge­çi­ri­liş ser­gi­si­ne öw­rül­di.
Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň giň­den toý­lan­ma­gy be­hiş­di be­dew­le­re äh­li­halk söý­gü­si­niň aý­ra­tyn yk­rar­na­ma­sy­ boldy. Bu baý­ra­myň çäk­le­rin­de tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len da­ba­ra­ly çä­re­ler we dür­li bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär.
At­şy­nas­lar ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne örän ýe­ňil gop­ýan, hy­juw­ly, zäh­me­te ukyp­ly, bi­le­si­ge­li­ji we örän paý­has­ly jan­dar hök­mün­de ba­ha be­rip­dir­ler. Bu ha­ky­kat­dan-da şeý­le, ahal­te­ke be­de­wi ynam­ly we özü­ne bo­lan hor­ma­ty ta­lap ed­ýän be­dew hök­mün­de yk­rar edi­lip­dir. Tej­ri­be­li türk­men se­ýis­le­ri be­de­wiň örän buý­sanç­ly we güýç­li hä­si­ýe­ti­ni ge­rek ug­ra gö­nük­dir­me­gi ba­şa­ryp­dyr­lar. At­la­ryň bu to­hu­my türk­men top­ra­gyn­da halk seç­gi­çi­li­gi­niň esa­syn­da müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ri­lip­dir. Türk­me­nis­tan­da gö­zel­li­giň we aja­ýyp­ly­gyň nus­ga­sy ha­sap­la­nyl­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki at-ab­ra­ýy­nyň has hem be­len­de gal­dy­ryl­ma­gy ug­run­da äh­mi­ýet­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da at­ly spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek, şeý­le-de be­dew­le­riň hä­zir­ki döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da sak­la­nyl­ma­gy ba­ba­tyn­da ze­rur bo­lan äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

Leý­la ER­GE­ŞO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.