Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýar. Şeýle döwürde milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplar halkymyzyň ruhy täji, gymmatly hazynasy bolup durýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­za peş­geş ber­ýän aja­ýyp eser­le­ri gym­mat­ly gol­lan­ma, ýol-ýö­rel­ge bo­lup dur­ýar, bu aja­ýyp eser­le­riň her ga­tyn­da bi­ziň geç­mi­şi­miz, şu gü­nü­miz, aý­dyň gel­je­gi­miz ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar ýer­leş­di­ri­len­dir.
Tä­ze ne­şi­riň hä­zir­ki döw­rüň hal­ka­ra dur­mu­şy­nyň köp san­ly çyl­şy­rym­ly so­wal­la­ry­na jo­gap ber­mä­ge, ýur­du­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­de alyp bar­ýan iş­le­rin­de öňe sür­ýän çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sa­ty­na, ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my ul­gam­da eýe­le­ýän or­nu­na, öň­de goý­ýan mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne has aý­dyň dü­şün­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şol bir wagt­da bu ne­şir di­ňe bir sy­ýa­sat­şy­nas­lar, dip­lo­mat­lar, bi­ler­men­ler we žur­na­list­ler üçin däl-de, da­şa­ry sy­ýa­sat bi­len gy­zyk­lan­ýan äh­li ra­ýat­lara hem niýetlenendir.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pä­him-paý­ha­syn­dan ke­ma­la ge­len bu ne­şir­de «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly äh­lu­mu­my baş­lan­gyç­da hä­zir­ki döw­rüň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýag­daý­la­ry­nyň na­za­ry­ýe­ti­ne we tej­ri­be­si­ne baş­ga­ça ga­ral­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky pi­kir öňe sü­rül­ýär, on­da öza­ra hor­mat goý­ma­ga, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­niň ha­sa­ba alyn­ma­gy­na, bar bo­lan me­se­le­ler­dir gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry çöz­me­giň usul­la­ry hök­mün­de güýç ulan­mak­dan ýüz dön­der­mä­ge esas­lan­ýan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gu­ral­la­ry tek­lip edil­ýär.
Ne­şir­de se­bit me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ba­bat­da hormatly Prezidentimiziň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baştutanlarynyň üçün­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­da­ky, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň sam­mit­le­rin­dä­ki we beý­le­ki fo­rum­lar­da­ky çy­kyş­la­ry be­ýan edil­ýär. Olar­da hä­zir­ki za­man ösü­şi­niň mö­hüm ugur­la­ryn­da anyk we yk­dy­sa­dy taý­dan esas­lan­dy­ry­lan hyz­mat­daş­ly­ga, bi­le­lik­dä­ki köp­ta­rap­la­ýyn tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na gi­ri­şil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy ba­ra­da­ky pi­kir­ler öňe sü­rül­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da çap edi­len tä­ze ki­ta­by­nyň ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty üçin gol­lan­ma öw­rü­lip, Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş ne­sil­le­re bi­lim­le­riň çeş­me­si hök­mün­de hyz­mat et­jek­di­gi ikuç­suz­dyr. Bu ki­tap adam­za­dyň dur­muş tej­ri­be­si­ne kä­mil ga­ra­ýyş ba­ra­da­ky söh­be­diň be­ýa­ny bol­mak bi­len, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy, hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp ge­len ta­ry­hy­myz­dan alan tej­ri­be­si­niň döw­re­bap baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Umu­man, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ylym-bi­li­me giň ýol açyl­dy. Ki­tap­ha­na­lar adam­zat nes­li­niň ir­ki ta­ry­hy çeş­me­le­rin­den baş­lap, hä­zir­ki döw­rüň mag­lu­mat­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän düýp­süz bir ha­zy­na­dyr. Hal­ky­myz ki­ta­ba, sö­ze, paý­ha­sa uly sar­pa go­ýup, oka­mak yn­sa­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne, öz-özü­ne akyl ýe­tir­me­gi­ne, dün­ýä dü­şün­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ki­ta­byň dog­ry ýol gör­kez­ýän, ýal­ňyş­ma­gyň öňü­ni al­ýan paý­has­ly hem ýü­rek­deş dost­du­gy­ny, yn­san­da iň go­wy gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de esa­sy se­riş­de bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, adam­lar­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň gym­mat­ly­gy­ny, döw­rüň öňe­gi­diş­lik­le­ri­ne akyl ýe­tir­mä­ge, gur­ma­ga we dö­ret­mä­ge bo­lan kuw­wat­ly hy­ju­wy eme­le ge­tir­ýän aja­ýyp­lyk­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­za peş­geş be­ren bir­nä­çe aja­ýyp eser­le­ri gym­mat­ly gol­lan­ma, ýol-ýö­rel­ge bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şeý­le aja­ýyp eser­le­ri­niň höw­rü­niň köp bol­ma­gy­ny, il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Göw­her DA­ŇA­TA­RO­WA,
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da­ky 26-njy or­ta mek­de­biň baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my.