24-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde «Gurluşlaýyn dialog» başlandy.
Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy, britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenzi ýolbaşçylyk etdi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de sebit we halkara derejesindäki özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna hem seredip geçdiler.
Iki ýurduň halkara giňişligindäki, hususan-da BMG-niň we beýleki guramalaryň çygryndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň zerurlygy nygtaldy. Şunda abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy bellenildi.
Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, bu senä bagyşlanyp birnäçe çäreleriň geçirilmegini hem teklip etdiler.
Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda ugurdaş edaralarynyň gepleşikleriniň has hem işjeňleşdirilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugruny düzdi.
Taraplar iki ýurduň Owganystanyň syýasatyna we ykdysadyýetine gatnaşykdaky çemeleşmeleri babatynda pikir alyşdylar, şeýle-de terrorçylyga garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, «ýaşyl ykdysadyýet» ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hem syn berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly özara söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy boýunça geljekki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.
Diplomatlar şeýle-de häzirki epidemiologiki ýagdaýlar bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar we pandemiýadan soňky ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy arkaly gatnaşyklaryň has işjeňleşdirilmegi babatynda ylalaşdylar.
Şu gün, 25-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky «Gurluşlaýyn dialog» öz işini dowam eder.