Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawy geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentligine hödürlenen dalaşgärler bilen duşuşyklar geçirilýär. Geçirilýän duşuşyklarda iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärler özleriniň saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar. Şeýle hem dalaşgär bilen duşuşyklarda dalaşgäriň zähmet ýoly, şahsy häsiýetleri hem-de iş ýörelgeleri bilen tanyşdyrylýar.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek bu möhüm syýasy çärä ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Köneürgenç etrabynda hem taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Köneürgenç etrabynda 40-njy saýlaw uçastogy döredildi. Saýlaw uçastoklarynyň araçäkleri kesgitlendi. Uçastok saýlaw toparynyň gollanmasy esasynda döredilen ähli saýlaw uçastoklary saýlaw geçirmek üçin doly taýýar edildi. Şeýle hem saýlawyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin uçastok saýlaw toparlarynyň başlyklary bilen okuw maslahatlary geçirilýär. Saýlaw uçastoklarynda medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrmak, lukmanlaryň nobatçylygyny guramak göz öňünde tutulýar.

Saýlawyň açyklyk we aýanlyk derejesinde geçmek üçin syýasy partiýalar jemgyýetçilik guramalar tarapyndan milli synçylar hödürlenýär. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komiteti tarapyndan hem partiýa agzalarymyzdan milli synçylary hödürledik. Olar saýlaw döwründe özleriniň bellenen saýlaw uçastoklarynda bolup, saýlawyň talabalaýyk geçirilişine gözegçilik eder.

Ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň milli kanunçylygymyzda beýan edilen kadalara laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesine eýe boljakdygyny uly ynam bilen aýtsak bolar. Çünki aç-açan we basdeşlik esasynda geçiriljek saýlawlarda ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürip mundan beýläkde ösüşleriň belent sepgitlerine alyp gitjek  dalaşgäri  saýlamak biziň her birimiziň öz erkimize bagly bolup durýar.

 Gülhumar HOJAHMETOWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.