Himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem kärhanalaryň önümçilikleriniň üznüksiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine:
ýylylyk çalşyjy enjamlary satyn almak barada Italiýanyň “Ofmeco Heat Transfer Technology S.r.l.” kompaniýasy bilen şertnamany;
“KATALСO” kysymly katalizatorlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň “Johnson Matthey PLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.